“Huawei” kompaniýasy tarapyndan gurnalýan “Geljegiň däneleri” (Seeds for the Future) atly okuw

373 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň üsti bilen “Huawei” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 12-21-nji sentýabry aralygynda agzalan kompaniýanyň Şençžen şäherindäki okuw merkezinde geçirilen “Geljegiň däneleri” (Seeds for the Future) atly okuwa gatnaşdylar. Okuwlar “Cloud Computing”, “5G Technology” we “AI – AR – Technology ” atly temalar boýunça “Huawei” kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan geçirildi. Ol temalar häzirki wagtda IT we Engeenering-Programmers hünärlerde iň wajyp ugurlarydyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan gatnaşan talyplar “Huawei” kompaniýasynyň geçiren okuwlaryndan örän köp täze maglumatlar aldylar. Olar diňe okuwlar bilen çäklenmän eýsem Hytaý Halk Respublikasynyň däp-dessurlary bilen tanyşdylar we şähere syýahat etdiler. Döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň içinde okaýan talyplaryň arasyndan “Huawei” kompaniýasy tarapyndan gurnalýan “Geljegiň däneleri” (Seeds for the Future) atly okuwa kompaniýa tarapyndan 10 sany talyp saýlandy, olardan 3 – si Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary boldy, bu bizi örän buýsandyrýar we begendirýär.
Şeýle beýik ösüşler bilen halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20