Türkmen halysyň milli muzeýinde talyp ýaşlaryň üme ýazgysy

948 Türkmen zenanlarymyzyň zehininden hem-de akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren halylar bize ata-babalarymyzyň “Öý haly ýazylan ýerden başlaýandyr” diýip aýdyp geçen ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär.
Umuman türkmeniň el işleriniň ählisi , ýagny keşde, gaýma gaýamak, örüm işleri, köjüme, pugtama özüniň nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýar, halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsini özünde jemleýär.
“Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary” institutynyň talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýindäki ýazgy hem ýokary guramaçylykly geçirildi, bu bolsa milli medeni gymmatlyklarymyza çäksiz sylag hormat goýulýandygynyň alamaty.
Talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlary, läleleri hem-de ýürek buýsançly çykyşlary milli medeniýetimize, el işli zenanlarymyzyň zähmetine bolan buýsanç duýgylarynyň çäksizdigini aýdyň görkezdi.
Ýazgy wagtynda daşary ýurtly döwletlerden gelen myhmanlar hem teleýazgydaky pursatlary synlap, türkmen gyzlarymyzyň asyllylygyna, zähmetsöýerliligine, sypaýylygyna, olaryň ýerine ýetiren işleriniň “iňňe bilen guýy gazmak” diýlişi ýaly öz elleri bilen ýerine ýetirendiklerine haýrana galdylar, bu bolsa halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly hoşniýetli gatnaşyklarynyň bardygynyň aýdyň alamatydyr.
Talyplarymyzyň her bir çykyşynda bizi şeýle eşretli döwürde, baky bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Milliligimiz, medeniýetimizi, maddy däl gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga olary dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
B.Kulyýewa,. Institutyň Ilkinji Zenanlara guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20