Ýaşlar baýragy gowşuyryldy

258 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň hormatyna uly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalaryň Merkezi binasynda guraldy.
Dabaranyň çäklerinde “Ýaşlar baýragy” boýunça ýeňiji bolan 141 sany ýaşlara ýörite şahadatnamalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşuryldy. Bu çäre ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň yhlasy we döredijiligi üçin döredilen mümkinçilikleriň nobatdaky beýany boldy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan mugallymlar hem Ýaşlar baýragyna eýe boldylar, ýagny Hydyrow Röwşen Batyr ogly, Institutyň Ylym bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, Myradow Begmyrat Myratmuhammedowiç, Çyzuwly geometriýa we inženerçilk grafikasy kafedrasynyň mugallymy hem-de Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kulyýewa Baýramgül Çarynepesowna.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýaşlaryň ylym, bilim, sport, innowasiýa we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan giň gerimli sergi hem guraldy. Sergide ýaşlaryň täze taslamalary, döredijilik işleri we olaryň gazanan üstünlikleri jemgyýete hödürlenildi.
Çykyşlarda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20