Garaşsyzlyk – ösüşlere badalga

4040 Garaşsyzlyk her bir halk üçin hem möhüm düşünjeleriň biri bolup, türkmen halky üçin bu düşünjäniň gymmaty ata-babalarymyzyň döwlet gurmak hakyndaky arzuw-umytlary bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz 2011-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen gutlagynda şeýle belläp geçdi: “Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir”. Şu sözler häzirki günde hem biziň her birimiz üçin aýratyn ýakymly eşidilýär, çünki onda çuň manyly pikirler jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň şol gutlagyndaky: “Garaşsyzlyk baýramy biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly ýaşamaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr. Bu baýram eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny we milli bütewiligimizi şöhratlandyrýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar” diýip bellemegi bolsa Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mukaddes garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyny uludan bellenilýän günlerde hem adamlaryň kalplaryna nur paýlaýar. Sebäbi wagt näçe geçse-de, mukaddes garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin arzyly, bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly düşünjedir.
Garaşsyzlygyň esasy gymmatyny biz ýurdumyzda döwlet ösüşiniň dürli ugurlaryndaky gazanylan netijelerde görýäris. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhynda her bir ulgamyň ösüşi tanalmaz derejede özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynda bellenilip geçilişi ýaly, garaşsyzlygymyzyň ýyllaryndaky ösüşler “taryhyň pursadynda” durmuşa geçirildi. Garaşsyz Watanymyzda sanly ulgam diýlen täze düşünjäniň has ýygjam ulanylmagy hem ösüşleriň netijeleri biri hökmünde görkezilmelidir. Sanlaşdyrma syýasy-jemgyýetçilik ösüşleriniň ähli ulgamlary bilen baglanyşyklydyr.
Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk ösdürilmegi häzirki zamanyň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň özi tutuş dünýäde ösüşleriň ygtybarly binýadyny döredýän ulgamdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda bilim bermegiň täze usullary ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanly ulgama sazlaşykly goşulyşmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmagy, dünýäniň zähmet bazarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň täze mümkinçiliklerini açýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň iň möhüm aýratynlygy dünýä derejesinde kämil bilim almak üçin şertleri üpjün edýänliginde bolup durýar. Çünki sanly ulgamlar uzak aralykdan ylym-bilim alyş-çalşygynyň amala aşyrylmagy üçin täze giňişlikleri açýar. Sanly bilim tehnologiýalary arkaly bilim bermegiň hilini ýokarlandyrylýar, bilimiň göwrümi artdyryp bolýar. Munuň özi bilim bermek işinde sanly tehnologiýalar bilen okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylýar.
Sanly ulgamlar arkaly, ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky öňdebaryjy hyzmatdaşlar bilen özara alnyp barylýan işleriň, şol sanda ylmy barlaglaryň, döredijilik taslamalarynyň, okuw-bilim maksatnamalarynyň alyş-çalyş edilmeginiň gerimini giňeldilýär.
Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy sanly ulgama esaslanýar. Bilim bermek işinde uzak aralykdan bilim bermek ulgamynyň barha giň gerim almagy ylym-bilim alyş-çalşygyny ýygjamlaşdyrdy. Munuň özi milli ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy ylmy mekdepleriniň tejribeleri bilen tanyşmaga we olary öz işlerinde giňden ulanmaklary üçin täze mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky her bir edara-kärhanada sanly ulgamy ornaşdyrmagyň meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dünýäniň iň soňky gazananlaryny nusga edinmek bilen öňe gitmegi sanly ulgamyň ösüşleri bilen baglanyşyklydyr. Sanly ulgam jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hem täze hilini ýüze çykarýar. Döwrebap ösüşler bilen birlikde, ata-babalarymyzyň döreden ynsanperwerlikli jemgyýetçilik-durmuş binýadyny pugtalandyrmak biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Gahryman Prezidentimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şol gymmatlyklaryň dünýäniň döwrebap ösüşlerine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam edýän, oňa giň ýola açýan ajaýyp pikirler beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” hakyndaky bellänleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. Çünki sanly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýän şertlerinde, milli-ruhy esasly binýadymyzy berkitmek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistan döwletimizde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli häzirki günlerden uly dabaraly çärelere beslenýär. Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem şanly wakalaryň biridir.Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdarymyz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, çuň manyly gutlagyny professor-mugallymlara ýetirdi. Şu gutlag her bir alymyň, mugallymyň kalbynda buýsançly duýgulary öýardy. Çünki gün-günden özgerýän Diýarymyzda şeýle açylyş dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uly ösüşleriniň beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda şeýle diýýär: “Türkmen ýazyjy-şahyrlary şöhratly ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik baradaky beýik taglymlaryny dowam etdirýärler”. Şu sözleriň özi ýazyjynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanmagyndaky ornuny görkezýär. Hormatly Arkadagymyzyň şol umumy okuw sapagyndaky çykyşynda belläp geçişi ýaly, “Mähriban halkymyz Berdi Kerbabaýewe, Kerim Gurbannepesowa, Gurbannazar Ezizowa, Osman Ödäýewe, Gözel Şagulyýewa örän uly sarpa goýýar”. Şunuň özi bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda täze edebiýatyň – garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň kemala gelendigini we uly ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Umuman, ähli ulgamalrdaky ösüşler arkaly biz garaşsyzlygymyzyň binýadynyň barha pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýarys. Garaşsyzlygymyzyň taryhy – täze, döwrebap ösüşleriň taryhydyr. Pursatdan peýdalanyp siziň her biriňizi mukaddes garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Garaşsyzlyk baýramy gutly bolsun.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy Hatjyýewa Ogulbaýram Gurbanowna

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20