ÝURDUMYZYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM, SPORT ULGAMYNYŇ BUÝSANDYRYJY ÖSÜŞLERI HALKARA SERGIDE

3657 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar uly ösüşlere eýe bolup, ýetilen sepgitler halkara derejesinde geçirilýän sergilerde çykyş edýärler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ” halkara maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşy boldy.
Bu günki-gün ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürmäge, okuw işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Muny biz türkmen talyplarynyň bilim alýan daşary ýurt okuw mekdepleriniň sanynyň ýyl geldigiçe artýandygynda aýdyň görýäris. Bilim ulgamynda öňde goýlan wajyp meseleleri amal etmek maksady bilen yzygiderli mugallymlaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Olar sapaklarynda we tejribe işlerinde bilim bermegiň täze usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny ulanýarlar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk guralyp, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, bilelikdäki bilim maksatnamalary amala aşyrylýar. Döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen mäkäm gatnaşyklary ýola goýup, ol döwletlerde halkara barlag işlerine, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky tejribe alyşmalara hem-de akademiki maglumat beriş ulgamlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giň ýola goýmak bilen, dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde netijeli taslamalaryň amala aşyrylmagyny gazanýar.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we onuň çäklerindäki halkara maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Sergide ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýan diwarlyklar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň wagyzçy mugallymlary hem-de talyplary teleradio ýaýlymlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň işleşip dürli mowzuklarda çykyşlar etdiler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20