Türkmenistan bagtly çagalygyň mekany

45 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, bagtly çagalaryň we arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrülen Garaşsyz diýarymyzda “Watan diňe, halky bilen Watandyr! Döwlet diňe, halky bilen döwletdir! diýen şygarymyzdan ugur alyp, bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişdirilmegine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy, döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň BMG-nyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky uly alada edilýändigini alamatlandyrýan sene hökmünde jemgiýetçilik durmuşumyzda aýratyn orun eýeleýär. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dünýäde abadançylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagyna uly goşant goşýan Berkerar döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan, beýik döwrümiziň ýokary döredijilik ruhyny dabaralandyrýan, egsilmez şatlyk hem-de joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy, çagalary goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çaganyň hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny kabul etdi. üçindir!” diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy: O.Tölewowa.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20