“TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY”
1255 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär.«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda, ýagny 2025-nji ýylyň maý aýynyň 30-na bu şanly gün mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mejlisler binasynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda, institutymyzyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan Bagtly çagalygyň mekany” atly okuw maslahaty geçirildi.
Institutyň Ylym bölümi