Edebiň gözbaşy

3135 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda aýdanlaryndan: “Iň gymmatly miras terbiýedir. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem bagly”.
“Watansöyüjilik bilen, gaýduwsyzlyk, mertlik, dogumlylyk, göwnaçyklyk, gaýratlylyk, geçirimlilik, mylaýymlyk, ruhubelentlik, pespällik, päklik, arassalyk, paýhaslylyk, ýagşylyk etmek - bular Beýik Biribar tarapyndan türkmeniň süňňüne guýlan edebi milli häsiýetlerdir”.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy nesiller üçin kämillik mekdebidir. Jemgyýetde ata-eneler, mugallymlardyr, terbiýeçiler çagalaryň, ýaşlaryň terbiýesi ugrunda yhlas edýärler, halkyň Milli Lideriniň sözi bolsa aňyýet derejesinde nesilleriň aňyna, kalbyna ornaýar.
Mähir-muhabbet siňdirilen mukaddeslikler maşgala atly kiçijik ojakdan Watan atly ullakan mesgene uzaýar. Şol aralykdaky düşünjeler bolsa ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurlarynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar. Ata-babalarymyzdan müdimilik serpaý bolan ýörelgeleriniň içinde ene-mamalarymyzyň hem aýratyn paýy bar. Olaryň on barmagyndan çykan haly, keçe, palas dokamak, keşdeçilik sungatymyz bu günki gün biziň milli buýsanjymyz, gymmatlygymyz. Şol gymmatlyklary, edim-gylymlary ýaşlara ýaýmak, zenanlaryň ellerinden çykan hünäri ýaşlaryň dowam etdirmekligi zerurdyr.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen teleýazgy milli medeni gymmatlyklarymyza goýulýan çäksiz sylag hormatyň alamaty.
Halkyň göwni bolup gülleýän zamanamyzda milli buýsanjymyzy has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, beýik işleri rowaç bolsun!
B.Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20