Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
11287 Häzirki wagtda sebit döwletleriniň hatarynda ýurdumyz saglygy goraýyş, bilim hem-de sport-bedenterbiýe ulgamlarynyň depginli ösüşi, kämil infrastrukturasy bilen tapawutlanýar. Bu hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ugrugan taryhy özgertmeleriň häzir hormatly Prezidentimiziň degişli ugra aýratyn üns gönükdirýändigi, munuň bolsa anyk işlerde aýdyň beýanyny tapýandygy bilen delillendirip bileris. Baş baýlygyň, saglygyň sakasy bolan sport-bedenterbiýaniň, ynsany ähli kämilligiň gözbaşyna alyp gidýän ylym-bilimiň gadyr-gymmatyna heňňamlar boýy dogry-dürs akyl ýetirip gelen halkymyz häzir bu ugurdaky gazananlaryny, baý taryhy tejribesini dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilen "Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara sergi we ylmy maslahat bu aýdylanlara doly şaýatlyk etdi.10-12-nji oktýabrda geçirilen halkara sergi we ylmy maslahat dünýäniň we sebitiň iri kompaniýalarynyň wekilleriniň, halkara bilermenleriň hem-de lukmanlaryň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Bu bolsa halkara forumyň geriminiň giňdigini görkezýär. Foruma gatnaşmak maksady bilen, daşary ýurtlardan köp sanly wekilleriň ýurdumyza gelmegi hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändiginden habar berýär. "Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe" atly halkara sergini we ylmy maslahaty degişli ugurda Merkezi Aziýada häzire çenli gatnaşan forumlarynyň hatarynda iň giň gerimlisi hasaplanýar.
Goý, şeýle abadan durmuşyň hözirini öz raýatlaryna bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
B.Kulyýewa, Instituyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy