Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gezelenç

844 6-njy oktýabrda gussaly sene -Hatyra güni bellenip geçilýär. Ol gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanýar. Şu gussaly gün mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, aýat-töwir okalýar we sadakalar berilýär. Şeýle hem Haryra gününde "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül desseleri goýulýar.
Ynha, şol sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary bilen "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy we söhbetdeşlikler geçirildi.
Goý, Beýik Biribar Hatyra gününde oklan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!
Gülnabat Daňatarowa "Awtomobil ulagynyň ulanylyşy" kafedrasynyň mugallymy

Share this post

Adress:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Tel. numbers:
(+993 12) 39-26-20