Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň 1-nji ýyl talyplary okuw-tanyşlyk tejribeliginde

10414 Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.
Ynha bu günler hem biziň ýokary okuw mekdebimizde okuw tejribeligi dowam edip dur. Okuw tanyşlyk tejribesi — bu talyplaryň nazaryýetde öwrenen bilimlerini amaly taýdan berkitmek maksady bilen geçirilýän ilkinji derejeli tejribe görnüşidir. Ol adatça 1-nji ýyl talyplary üçin okuw tejribeligi guralýar we 2-3-4-nji ýyl talaplar hünär ugry boýunça kärhanalar, zawodlar ýa-da desgalar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredilýär.
Bu tejribe wagtynda talyplar:
• Awtoulag kärhanalarynyň gurluşy bilen,
• Ulag serişdeleriniň dolanşygy,
• Tehniki hyzmat we abatlaýyş ulgamy bilen,
• Işgärleriň hünär wezipesi we tehniki howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşýarlar.
Esasy maksady — talyplaryň geljekki hünärine bolan garaýşyny pugtalandyrmak, olaryň önümçilik ýagdaýlaryna düşünmesini üpjün etmek we kärhana bilen okuw baglanyşygyny döretmekdir. Mundan başga-da, bu tejribe arkaly talyplar tehniki enjamlary gözüniň öňünde görýärler, işgärler bilen göni gatnaşyga girýärler we hünär taýdan gyzyklanmalary artýar.
Bu tejribe ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk edýän awtoulag kärhanalarynda ýa-da ulag-logistika merkezlerinde geçirilýär. Mysal üçin:
• Şäherara ýolagçy awtobus kärhanalary,
• Awtotehnik hyzmat merkezleri (STO),
• Ýük daşama kärhanalary,
• Gurluşyk ulag kärhanalary.
Şeýle hem talyplar, kafedranyň ýolbaşçylygynda kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýärler, ýerinde görkezme çykyşlar bolýar.
Talyplar bu tejribede diňe bir kärhanalar bilen tanyş bolman, eýsem özlerinde amaly başarnyklaryň esasyny döredýärler. Olar inžener ulgamlarynyň işleýşine düşünýärler, zawod tertiplerini öwrenýärler.
Munuň netijesinde, olaryň hünärine bolan ynamy artýar we geljekki önümçilik tejribesine taýýarlyk derejesi ýokarlanýar. Şeýle hem, käbir talyplar tejribe wagty öz geljekki iş orunlaryny hem kesgitleýärler.
Ähli talyplara ylym ýolunda üstünlikler arzuw edýärin. Bilim ulgamyndaky şeýle tejribeler ýaş nesliň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine hyzmat eder diýip ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, biz bilim işgärlerine işlemäge, döretmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!

TITweUKI-niň “AUU” kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. uly mugallym Oguljan Aýnazarowa

Share this post

Adress:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Tel. numbers:
(+993 12) 39-26-20