Bereketli türkmen saçagy

2464 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan, milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni toý baýramlara, şanly senelere beslenýär, şol ajaýyp baýramlaryň biri hem Külli musulman dünýäsiniň baýramy bolan - Gurban baýramydyr.
Gurban baýramy - bu halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, azat erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Bu baýram halkymyzyň ýüregende birek birege bolan mähremlige, dost-doganlyga, parahatçylyga bolan duýguny berkidýär. Ata-babalarymyz, Gurban baýramynda edilen ýagşy arzuw-niýetleriň, ýürekde beslän päk arzuwlaryň hasyl bolýandyny aýdyp geçipdiler.
Külli musulman dünýäsiniň baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde, talyp gyzlarynyň we mugallymlaryň gatnaşmagynda “Bereketli türkmen saçagy” atly gürrüňdeşlikli, döredijilikli teleýazgy edildi. Bu gepleşik ýokary guramaçylykly geçirilip, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlarymyzyň esasynda hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, talyp gyzlarymyzyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli tagamlary we içdäaçarlary taýýarlanyldy. Mundan başga-da ajaýyp döwrümizi wasp edýän mugallymlaryň joşgunly çykyşlary, talyp gyzlaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp goşgy setirleri, dutar astyndaky aýdymlar, folklor çykyşlary çäräniň mazmunyny has-hem artdyrdy.
Bu çärede, Institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasy, kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy, Baýramgül Kulyýewa “Gurban baýramynyň ähmiýeti” barada, mundan başga-da elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy, Oguldursun Ataşewa “Ýurdumyzda Gurban baýramynyň bellenilişi” barada, diller kafedrasynyň mugallymy Göwher Mämmetjumaýewa “Türkmen milli tagamlary” barada giňişleýin aýdyp geçdiler. Dutar saz guralynyň astynda döwrümizi Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlary , Demir ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Oguljan Sähedowa hem-de Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Suraý Hekimowa ýerine ýetirdiler.
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetinden Aşyrowa Sirinaý, Hydyrowa Ogulbossan, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinden Yusupowa Maýa, Baýramowa Melike, Kakamyradowa Guljeren, Demir ýol ulaglary fakultetinden Begnazarowa Leýli, Gurbanmyradowa Sirin ,Mehanika-tehnologik fekultetinden Mämmedowa Rejepbibi, Ulaglar fakultetinden Şukurbaýewa Aýnabat, Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetinden Saparowa Malika, Şanurowa Orazgül, Öwezowa Näzik aýratyn işjeňligi bilen tapawutlandylar.
Bu baýramçylyk ýazgysynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.

Baýramgül Kulyýewa Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20