Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy

394476

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we
inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny
guramak we geçirmek boýunça DÜZGÜNNAMA
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky
1565 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” hem-de Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen
tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri
okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilmeli
çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we
daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly
geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet
olimpiadasyny geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1. Umumy düzgünler
Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly
geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet
olimpiadasyny (mundan beýläk – Internet-olimpiada) guramagyň we geçirmegiň
kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly
aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň
Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze
çykarmakdan ybaratdyr. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly
ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy
gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli
ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Internet-olimpiadanyň esasy maksady:
- talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly
meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de
nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek;
- ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz
intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.
2.Internet-olimpiadanyň wezipeleri:
- häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak
arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw
mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny
işjeňleşdirmek;
- zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual
ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.
2. Internet-olimpiadasynyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1. Internet-olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy
ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk
toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
2.2. Guramaçylyk topary:
- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de
ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- Internet-olimpiadasyny geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek
boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;
- Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler
boýunça olimpiada ýumuşlaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
- Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we
arz-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.
3. Talyplaryň Internet-olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1. Internet-olimpiada umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler
toplumlarynyň “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça
ýumuş işlemek görnüşinde (Online tertibinde) geçirilýär.
3.2. Internet-olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň pudak
tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli ýokary okuw
mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary
boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.
3.3. Internet-olimpiadasynyň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.
3.4. Internet-olimpiada öz ýokary okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri
görkezen talyplar gatnaşyp biler. Talyplaryň sany çäklendirilmeýär.
3.5. Internet olimpiada 2026-njy ýylyň maý aýynyň 26-syna, Aşgabat wagty
bilen sagat 10 00 -da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM
programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň
dowamynda ýerine ýetirmeli.
Olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň, ýumuşlaryň ýerine ýetirilen
listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com
e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we
her liste ýumşyň nomerini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly.
Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde TDS-nyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda
bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä
bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary optimal (gysga
we çalt) usulda çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Iň ýokary mümkinçilik –
100 ball.
3.6. Internet-olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär.
3.7. Internet-olimpiadasynyň Eminler toparyna Türkmenistanyň we daşary
ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýär hem-de olimpiadanyň
ýeňijilige dalaşgärlerini anyklaýar. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan
tassyklanýar.
3.8. Internet-olimpiadasyna gatnaşyjylaryň topar ýolbaşçysynyň üsti bilen
arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.
3.9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky
netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.
4. Internet-olimpiadasynyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1. “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet-
olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça
Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
4.2. Internet-olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär
we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3. Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen
sylaglanýar.
Подключиться к конференции Zoom
https://us06web.zoom.us/j/86752956501?pwd=ibcFiHzvOPPXReBOW1exVSWoOsqoMJ.1
Идентификатор конференции: 867 5295 6501
Код доступа: 971651

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20