ÝURDUMYZYŇ YLYM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞLERINIŇ AÝDYŇ BEÝANY

4032 Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň innowasion syýasaty ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine getirdi. Ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaşlara bilim bermegiň öňdebaryjy, interaktiw usullarynyň ulanylmagy, öz gezeginde, milli ylym-bilim ulgamynyň düýpgöter täze häsiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen ylmy täze sepgitlere ýetdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary ylmy esaslarda işlenip taýýarlanylýar we netijeli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we edara-kärhanalarynda häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli amaly häsiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, ýaş alymlary höweslendirmek we bilimli, ylymly nesli kemala getirmek babatynda alyp barylýan giň göwrümli işleri barasynda çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň umumy mejlisinde halypa mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ylym ulgamynyň maddy binýadynyň berkemegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Soňra maslahat öz işini “Türkmen jemgyýetiniň ösüşinde ylmyň orny”, “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň ylmy esaslary” hem-de “Innowasion ösüş we inženerçilik ylymlary” atly bölümçelerde dowam etdi. Her bölümçäniň ady bilen baglanşykly many-mazmunly çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany maslahata gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda edýän aladalaryna hem-de raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu geçirilen ylmy-amaly maslahat, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20