“Bilimli nesil – bagtyýar geljek”
6669 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe syýasy, ykdysady, durmuş, ekologiýa, hukuk medeniýet, ylym-bilim, sport hem-de ýaşaýyş durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan köp jähtli özgertmeleriň üstünligi olaryň türkmen halkynyň milli ruhy we maddy gymmatlyklaryny dikeltmek bilen häzirki innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň bilen kesgitlenýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren okuw sapagyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasyna öwrüldi. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz bilim işgärleriniň halal döredijilikli zähmet çekmegimize itergi berdi.
Berkarar dňwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly işjeň raýatlar bolup kemela gelmegi üçin zerur şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagyndaky çykyşynda biziň üçin mizemez mekdep bolup hyzmat edýän merdana pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen ýaş nesil bilen alnyp barylýan okuw terbiýeçilik işleriniň ähli görnüşlerinde pedagogik işgärleriniň orny bar.
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen okuw sapagy jemi iki bölümden ybarat boldy. Okuw sapagynyň birinji bölüminde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty, BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegi hem-de dünýäde parahatçylykly ýaşamak barada täsirli maglumatlar ýaşlaryň dykgatyna ýetirildi. Okuw sapagynyň ikinji bölüminde türkmen hallkynyň milli däp-dessurlary, edim gylyklary, ýaşlaryň ahlak terbiýesi we jemgyýetdäki orny barada boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolan kämil ýaş nesli kemala getirmekde, ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde durmuşa geçirýän tutumly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
B.Kulyýewa .,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy