Nowruz-türkmen halkynyň taryhy- medeni däpleriniň baýramydyr
179 2026-nji ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen rowaçlyklara beslenýän günlerinde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň asyrlardan gözbaşyny alan Milli bahar baýramyny köpöwüşginli, dabaraly belläp geçirmek, maksady bilen giň-gerimli meýilnamalary durmuňa geçirilýär.Nowruz dünýäniň ençeme halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyr bäri ýaşap gelýär. Nowruz baýramy iň gadymy baýramlaryň biridir.
Nowruz baýramynyň umumyadamzadyň içki dünýäsinde döreýän bu ajaýyp ruhy alamatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň milli ýörelgelerine hem gabat gelýär. Bu nurana bahar baýramy ýurdumyzda halklary ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýa, milli-baýramlaryň biridir. Bu baýramçylyk halklaryň arasyndaky parahatçylygy pugtalandyrmak bilen bir hatarda,dünýä döwletleriň arasyndaky ylalaşygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has berkemegi üçin esas bolýan dabara höküminde giňden bellenilýär.
¬Ata-babalarymyzdan miras galan bu şanly senäniň biziň halkymyz her ýylyň 21-22-nji martynda uly şatlyk- şowhuna besläp belläp geçýär. Halkymyzyň bu gadymy milli baýramy ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni myrasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi. Halkara Nowruz güni dünýä halklarynynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. Türkmenistanda Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslenip gelýär.
Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. Türkmenistanda Milli bahar baýramyny- Täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa höweslendirýän baýramyň özboluşly tagamy bolan- semeni hem-de dürli türkmen milli tagamlary taýarlanylýar.
Asyrlar aýlanyp ýyllar kerwen gurap geçsede, ýöne taryhy sepgitlerden geçen bu baýramçylyk biziň günlerimize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bellenilýän Milli bahar baýramy ýer ýüziniň ähli halklaryna rysgal- bereket eçilsin.
Ogulbagt Tölewowa., Jemgiýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy