“TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK SYÝASATY WE ULAG DIPLOMATIÝASY”

2777 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK SYÝASATY WE ULAG DIPLOMATIÝASY” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda institutyň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Halkara Bitaraplyk güni baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Gülşirin Agaýewa.,Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20