KÄMILLIGE YMTYLÝAN HÜNÄRMENLERIŇ BILIM ALÝAN ÝOKARY OKUW MEKDEBI

35 Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýokary okuw mekdebimiziň esasy wezipeleri ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan we giňeltmekden, düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramakdan hem-de geçirmekden, hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bilim edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen sanly bilim bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Konsepsiýasyna laýyklykda institutyň çäginde bitewi maglumat tory,sanly bilim portaly, web saýt hereket edýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi we bu iş häzirki döwürde hem üstünlikli alynyp barylýar.Ýurdumyda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy, olarda sapaklaryň häzirki zaman usulda geçirilmegine mümkinçilik berýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim terbiýe bermek,hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy.
Häzirki wagtda dünýä tejribesinde uzak aralykdan okuw bilim ulgamy iň öňdebaryjy we köp peýdalanylýan ugurlaryň biridir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda sanly bilim gorlaryny işläp taýýarlamak bilen bir hatarda bilim işine gatnaşyjylaryň tor boýunça özara işleşmegini üpjün etmek uzak aralykdan bilim alamagynyň görnüşlerini öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça işler alynyp barylýar.
Ýokary okuw mekdebimizde gurnalan bilim portaly arkaly mugallymlar okuw işlerine degişli maglumatlary we talyplaryň sapaklara ýetişigini elektron görnüşde hasaba alýarlar.Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerine ylymyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleri esasynda teleköpri arkaly uzak aralykdan bilim bermek usuly giňden peýdalanylýar.Bu usulda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri,ylym-bilim merkezleri uzak aralykdan sapaklary,wideoşekilli maslahatlar guralýar.Uzak aralykdan okuw okatmak munuň özi okuw işine degişli ähli düzümleri birleşdirýän sanly ulgam bilen guralarýan okuwyň görnüşidir.Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde halypa mugallymlaryň sapaklary teleköpri arkaly uzak aralykdan gurnamak,talyplaryň arasynda dersler boýunça açyk internet bäsleşikleri geçirmek yzgyderli alynyp barylýar.Bu online duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň hemmesini ylmy gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär.Okatmagyň bu usuly häzirki wagtda dünýäde öran ýörgünli hasap edilýär.Çünki bu usul taraplaryň ählisi üçin tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda hereket edýän bilim portalynda elektron öwreniji serişdeler dürli görnüşli maglumatlary saklamaga amatly bolan tanyşdyryşlar (prezentasiýalar) suratlar,çyzgylar,sesli we şekilli ýazgylar hem-de beýlekiler ýerleşdirildi.Portalda ýerleşdirilen okuw usully toplumyna okuw kitaplaryň elektron görnüşleri,okuw gollanmalary,tejribelik boýunça gollanmalar,usully maslahatlar,dersler boýunça usully gozükdirijileri,özbaşdak işler üçin ýumuşlar degişlidir.
Umuman, aýdylanda, institutda ýaşlaryň kämil, ylymdan paýly, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri,mugallymlaryň öz hünärlerini kämilleşdirmegi üçin uly şertler döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.Institutda okadylýan hünärler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny,şeýle hem ýerli dolandyryş edaralaryny sanly ykdysadyýetiň talaplarynda ösüşiň täze giňişliklerine çykarmagy başarýan ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly hyzmatlara eýedir.
Bizi rowaçlyklaryň ak ýolundan ýagty geljege sary ynamly alyp barýan Gahryman hem mähriban Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Eziz Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Ýazberdi Toýlyýew,
Institutyň Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20