“Gyz edebi-il edebi”

3184 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynyň many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmek şeýle-de milli we asylly ýörelgelerimizden ugur alyp ahlak taýdan arassa we tertipli nesilleri kemala getirmek, Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda “Gyz edebi-il edebi” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ählimize mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşy ýurdumyzyň pedagogik işgärleri, bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary üçin watançylygyň nusgalyk mekdebi boldy, ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi, ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine taryhy ähmiýete eýe boldy.
Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çaganyň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabynda edep-terbiýe barada ençeme nakyllary: “Akylly ogul hem edep, hem talap”, “Edebiň ýagşysy –salam bereni, ýakynlyk ýagşysy- baryp-geleni”, “Edep-bergidir, bermedige-görgüdir” diýlişi ýaly bu nakyllarda edep barada parasatly pikirler beýan edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar, 2026-nji ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda edep-terbiýa, öwüt-ündewlere, nesillerimiziň ahlak arassalygyny we ruhy gözelliginiň saklanylmagy aýratyn üns merkezindäki meseleleriň biri bolup, biz mugallymlaryň esasy maksady bolup durýar. Kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewleri bilen kemala gelen uýat-haýalygy, işeňňirligi, ahlak päkligi, töwereginde mylakatlylygy bilen tapawutlanýan gyzlarymyzy göremizde biz guwanýarys, buýsanýarys.
Ata-babalarymyz çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka guýup başlapdyrlar. Körpeler mährem enelerimiziň watansöýüjilige, adamkärçilige eýlenen hüwdileriniň şirin owazyndan ganyp uka gidipdirler. Türkmen maşgalasynda çaganyň her bir pursady ünsden düşürilmän, ol asyl däp-dessurlara, bagtyýarlylyk eçilýän toý baýramlara beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler hemem beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmetsöýer halkymyzyň şol sanda ýaş nesilleriň eşretli durmuşynyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy ylymly ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ahliu zerur şertler döredilýär. Gahrymana Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber üns aladasyna eýlenen bu asylly ýörelgeleriň hözirini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar. Iň täze nusgada gurlan bilim ojagyňyzda sowat öwrenip, hünär okuwynda aňyny taplap önümçilik iş usullaryny bir kemsiz özleşdirýän kämil nesiller bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Gadymy döwürlerden bäri sagdyn bedenli hem-de päk ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halky saglygy durmuşyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri we manyly ömrüň özeni hasaplaýar.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag bolup, tutýan il-bähbitli ýurt ähmiýetli tutumly işlerinde rowaçlyk arzuwlap tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
B.Kulyýewa.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20