Ylymly nesil-kuwwatly Watan
239 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we ony halkara ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen möhüm wezipeler amala aşyrylýar.Häzirki wagtda dowam edýän IV senagat öwrülişigi aýry-aýry senagat pudaklary üçin zerur bolan ýokary hünärli inženerleri talap edýär. IV senagat öwrülişigi önümçilige bolan täzeçe çemeleşmeler, maglumat tehnologiýalarynyň hem-de awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň önümçilige giňden ornaşdyrylyşy bilen häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek maksady bilen, senagat öwrülişiginiň talaplaryna laýyk gelýän inžener-tehnikleri, inžener-tehnologlary taýýarlamak ol ýa-da beýleki döwletiň bilim syýasatynda esasy orny eýeleýär. Bu wezipeleri amal etmek “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda hem-de Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerde okatmagyň STEM usulýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça kabul edilen Ýol kartasynda öz beýanyny tapýar.
Ýokarda agzalan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň inžener ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ýokary okuw mekdebimiziň çäginde geçirilen saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, netijeleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandym. Bäsleşigiň umumy netijesi boýunça II orna mynasyp boldum. Meniň bu üstünligim geçýän okuw sapaklarymyň hilini ýokarlandyrmak bilen milli bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan hünärleriň aglabasynyň okuw meýilnamalarynda Maşynlaryň we mehanizmleriň nazaryýeti dersinden umumy, amaly hem-de tejribe sapaklary boýunça sagatlar kesgitlenen. Men hem bäsleşige Maşynlaryň we mehanizmleriň nazaryýeti dersinden umumy okuw boýunça gatnaşdym.
Inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň STEM usulyny peýdalanmak ders boýunça goýlan meseläni çözmek bilen birlikde, meseläniň iň amatly çözüwini tapmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa esasy senagat pudaklarynyň öňünde durýan optimallaşdyrmak, energiýany tygşytlamak, az galyndyly önümçiligi peýdalanmak, ulag-logistikada amatly ugurlary kesgitlemek, konstruksiýanyň berklik boýunça iň amatly taslamasyny tapmak ýaly derwaýys meseleleri öz içine alýar.
Umuman, okatmagyň STEM usuly okuw, ylym we önümçiligiň iň amatly integrasiýasyny emele getirýär. Tehniki dersler boýunça zerur bolan maglumatlary bermek hem bu usuly peýdalanýan mugallymyň öňünde durýan esasy wezipe. Bu ýerde mugallym ders boýunça berilýän maglumatlaryň täzeçilligi we onuň häzirki wagtda senagat pudagyndaky orny, dürli konstruksiýalaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary baradaky maglumatlardan habarly bolmaly.
“Bilimli nesil – kuwwatly watan” ýörelgesine eýerip, talyp ýaşlaryň häzirki zaman dünýäsiniň ösen ylym – bilim ulgamy bilen aýakdaş gitmegi ugrundaky edilýän ähli tagallalaryň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, alyp barýan döwlet bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler gazanmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.
Mirjan Şaripow.,Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy