Büzmeýin etrap häkimligi bilen bilelikde geçirilen wagyz nesihat çäresi

1874 Türkmenistanyň Halk Maslahaty - umumymilli forum, zähmetsöýer halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we agzybirliginiň beýanydyr.
Ählimize mälim bolşy ýaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrýan ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana türkmen halkymyz baş baýrama - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Bu ýörelge indi bizde asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň altyn güýzünde göwünleri galkyndyrýan uly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem asylly ýörelge bolup, milli döwletliligimiziň taryhynda özboluşly many-mazmuna, onuň goşa ganatynyň biri hasaplanylýan- Garaşsyzlyk bilen ajaýyp sazlaşyga eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Garaşsyz Watan, Bitarap ýurt!
Parahatçylyk mukamynyň ýakymly ýaňlanýan ülkesi bolan eziz Watanymyz Türkmenistanda ýaşamak her bir raýat üçin uly bagtdyr!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty - bu halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edasy bolup, ol bu günki gün milli we döwlet ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, baý durmuş tejribesi bilen jemgyýetde ýaşlar üçin dogry ýoluň çelgisi bolýan ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň öwüt-ündewlerinden, maslahatlaryndan ugur almak ýaly, ata-babalarymyzdan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda bu umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Buýsan Watan öz bagtyýar nesliňe, olar sesin goşýar döwrüň sesine” atly brifing duşuşugy geçirildi. Bu brifing duşuşygynyň dowamynda ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň soraglaryna jogap bermek arkaly geçirildi, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilkli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetdäki tutýan orny, ýaşlary, ýaşululary, umuman tutuş türkmen halkyny bir maksada, bir pikire-jebislige çagyrýan gymmatly ýörelgedigi barada nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem halkymyzyň agzybirligini, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşynda jamgyýetiň jebisligini has-da berkitjegine ynanýarys.
Bu çäräniň jemleýji böleginde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Ýazgy “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýerine ýetirildi.
Baýramgül Kulyýewa,Institutyň Ilkinji Zenanlar Guramasynyň başlygy



Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20