Biz barada

 Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda gol çeken Kararyna layklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, ozalky Türkmenistanyň Jemagat  hojalygy instituty Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyryldy.

Türkmenistanyň  Inžener-tehiniki we ulag kommunikasiýalary instituty Hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli inženerleri we

tehnologlary taýýarlaýan döwrebap ýokary okuw jaýy bolup durýar. Iki müň talybyň bilim almagyna niýetlenen täze bilim toplumy paýtagtymyzda ýerleşýär. Onuň umumy tutýan meýdany 25 gektara barabardyr. Ak mermerli institutyň okuw binalary we ýanaşyk jaýlary Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde ýerleşýär. Olaryň hemmesi binagärlik we inženerçilik desgalaryň kommunikasiýalarynyň sazlaşykly we takyk işlemegi üçin zerur enjamlar hem-de gözegçilik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tehniki toplum göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 6-fakultet, 19 kafedra bolup, talyplar 27 hünär boýunça bilim alýarlar.

Institutyň dört gatly baş binasynda we dört gatly üç sany okuw binasynda rektorlyk hem-de 6 sany fakultet ýerleşýär.

Esasy görkezijiler
3040
Talyplar
29
Hünärler
224
Mugallymlar