Talyplara

Institutyň okuw binalarynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan  jemi 58 sany tejribehana bolup, olarda dersleri ýokary derejede okatmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu bolsa institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaklyga täze çemeleşmelerden ugur alynýandygyna şaýatlyk edýär. Talyp ýaşlar nazary bilimlerini önümçilik kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda  berkidýärler. Suw üpjünçiligi tejribehanasynda suwy almagy, ilatly ýere getirmegi we sarp edijilere paýlamagy öwrenmäge mümkinçilik berýän enjamlar ýerleşdirilendir. Bu enjamlaryň kömegi bilen geljekki hünärmenler ilatly ýere berilýän agyz suwy ölçemegi, sazlamagy, tygşytlamagy, dolandyrmagy we bökdençsiz üpjün etmegi öwrenerler. 

Tejribenhana Inženerçilik geodeziýasy hem-de köprüler, tonneller we estakadalar gurluşygy dersleri boýunça tejribe okuwlaryny geçirmäge niýetlenendir. 

Inženerçilik geodeziýasy dersine degişli tejribe işler:

-geodezik ölçeg abzallarynyň gurluşygy;

-geodezik ölçeg abzallaryny barlamak we sazlamak;

-abzallar bilen dürli görnüşdäki geodezik ölçeme işlerini geçirmekligi öwrenmek;

-öçeme netijelerini matematiki gaýtadan hasaplamak işlerini geçirmek degişlidir.

Köprüleriň, tonnelleriň we estakadalaryň gurluşygy derslerine degişli tejribe işlerinde:

-awtomobil we demir ýol köprüleriň gurluş aýratynlyklary;

-asma köprüleriň konstruksiýalaryny, gurluş aýratynlyklaryny öwrenmäge;

-arka görnüşli köprüleriň konstruksiýalaryny, gurluş aýratynlyklaryny öwrenmäge;

-göni gerimli köprüleri aýdyň öwrenmäge;

-standart agyrlyk daşlary we dinamomeytrleri ulanmak arkly köprülerde özara täsir edýän güýçleri köprüleriň nusgalarynda öwrenmäge;

-köprüleriň, tonnelleriň we estakadalaryň ulanylýan döwürde olara hyzmat ediş we abatlaýyş işlerini öwrenmäge uly mümkinçilik bolar. 





Esasy görkezijiler
3040
Talyplar
29
Hünärler
224
Mugallymlar