ILKINJI OKUW SAPAGY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen hem düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan geçen 2023-nji ýylymyz ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalara baý ýyl boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ─ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ösüp barýan ýaş nesliň ýokary hilli we çuňňur bilim hem-de mynasyp edep-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 ─ 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ─ 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim bermeginiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, mugallymlaryň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda kämilleşdirilmelidigi nygtalyp bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek, bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2023 ─ 2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen geçirildi.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary 2023 ─ 2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagynyň çuňňur many-mazmunly, ýatda galyjy we has-da täsirli bolmagy üçin zerur çäreleri gördüler. Şol çäreler işlenip düzülen we tassyklanan meýilnama laýyklykda guralyp, talyplaryň bilime we ylma, hünärlere bolan gyzyklanmasyny we höwesini, eziz ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize – Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hormatyny we sarpasyny, buýsanjyny we söýgüsini has-da ýokarlandyrmaga, berk bedenli, ruhy baý, eziz ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, kämil nesli, ökde hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmegiň möhüm wezipelerini çözmegiň has netijeli ýollaryna we usullaryna gönükdirildi.

Ilkinji okuw sapagynyň dowamynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar bilen uly üstünliklere beslenip geçen 2023-nji ýylda «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnaçesiniň «ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler» toruna girizlimegiýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň açylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, noýabra aýynda Türkmenistanyň 2023 ─ 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy milli mirasymyza dünýä derejesinde belent sarpanyň nyşanydyr we ýaş nesiller babatda döwletimizde amala aşyrylýan bimöçber işleriň halkara derejesinde dabaralanmasydyr, diýlip giňden bellenip geçildi.

Ýurdumyzyň täze 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik we ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamaga taýýarlyk görýän, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň buýsandyryjy ösüşlere beslenip, ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan günlerinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar ─ Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolup geçen 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertbesini has-da ýokarlandyrdy, halkymyzyň Täze ýyl şatlygyny goşalandyrdy. Bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ulag we energetika babatda öňe süren strategik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Ilkinji okuw sapagynda döwletimiziň bu daşary syýasy üstünligi, ýurt Baştutanymyzyň ýurdumyzyň rowaçlygy, türkmenistanlylaryň abadançylygy, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri, olaryň many-mazmuny, ähmiýeti barada täsirli söhbetler hem guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde biziň mukaddes ata Watanymyz ─ Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebit hem-de dünýä derejesinde ýurtlary we halklary jebisleşdirýän, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan merkeze öwrüldi.

Merkezi Aziýa sebitinde gurlan ilkinji «akylly» şäheriň ─ Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga tabşyrylmagy we bu ajaýyp şäheriň iň abraýly halkara güwänamalarynyň ençemesine mynasyp bolmagy, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi iň möhüm we buýsançly wakalar hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde döwrebap bilim ojagy ─ Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy gurlar. Şeýle-de oba hojalyk ylmy-barlag institutlary bina ediler. Bu ajaýyp şäherde döredilen ýokary amatlykly şertler, şeýle hem şäherde bina edilen iň häzirkizaman bilim edaralary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, ýaş nesliň öňdebaryjy halkara ülňülerine laýyk gelýän bilimleri we ylymlary ele almagyna gönükdirilendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda hem hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamyny hem döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde bilim ulgamy maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdiriler. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, jemgyýetimiziň ösüşleriniň barha öňe gitmeginiň möhüm binýady hökmünde sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdiriler. 

 

Gylyçmuhammet JORAÝEW

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. 

Saparmyrat GARATAÝEW 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty  

Nurmuhammet SÜLEÝMANLY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy