INSTITUTYMYZDA BILIM ALAN OWGANYSTANLY TALYPLARA DIPLOM GOWŞURYLDY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýene bir okuw ýyly tamamlandy. Tamamlanan okuw ýylynda institutymyzy 8-sany owgan talyby üstünlikli tamamlady.  Okuw maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary ugruny üstünlikli tamamlan ilkinji uçurumlara dabaraly ýagdaýda diplom gowşuryldy. Institutymyzy tamamlaýan ýaşlaryň arasynda owgan ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallyklary çäksiz. Olar her ädimde biziň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlaryny beýan edýärler. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň owgan talyplary-da bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini aýdyň görkezdiler.

— Biz hem üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzy üstünlikli tamamlap, önümçilige ýollanma alýan ýaşlara ak ýol arzuw edýäris. Şeýle-de owgan talyplary öz ugrundan ökde hünärmenler bolup, Owganystanyň demir ýol ulgamynyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynanyarys. Mälim bolşy ýaly, hemmetaraplaýyn bilimli, watançy, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny tamamlan talyplaryň arasynda dostlukly Owganystan döwletinden okamaga gelen talyp ýaşlaryň 8-si ulag pudagynyň dürli hünärleri boýunça bilim aldylar. Owganystanly talyplar institutyň awtomobiller we awtomobil hojalygy, lokomatiwler, wagonlar we ulagyň gatnawlaryny guramak hünärleri boýunça inžener-mehanik kärini ele aldylar.       Umuman, ulag ugry boýunça bilim alan owgan talyplaryň diplom işlerine ýokary bahalary berdiler. Bu bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda  ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň has-da gülläp ösmegine ýardam berjek hünärmenleri taýýarlap ýetişdirýändigine uly buýsanç döredýär. Owganystan döwletinden okamaga gelen uçurym talyp ýaşlar: Jamalýar Mujtaba, Demir ýol ulaglary fakultetiniň „Lokomоtiwler“ hünäriniň uçurymy; Şahy Elýas Demir ýol ulaglary fakultetiniň   „Lokomоtiwler“ hünäriniň uçurymy; Ebadi Azizurahman, Demir ýol ulaglary fakultetiniň “Demir ýol ulagynda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak” hünäriniň uçurymy; Kazemi Farzana, Demir ýol ulaglary fakultetiniň “Demir ýol ulagynda gatnawy guramak we  hereketi dolandyrmak”  hünäriniň uçurymy; Fazeli Akela, Demir ýol ulaglary fakultetiniň “Demir ýol ulagynda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak”  hünäriniň uçurymy; Nabizada Mohammad Reza, Demir ýol ulaglary fakultetiniň ”Wagonlar“ hünäriniň uçurymy; Karimi Abdul Kahar, Ulaglar fakultetiniň “Awtomobiller we awtomobil  hojalygy ” hünäriniň uçurymy; Şaker Saýed Ahmad, Ulaglar fakultetiniň “Awtomobiller we awtomobil  hojalygy ” hünäriniň uçurymy.

Institutyň rektory Muhammetrahym Öwezow myhman talyplara ak ýol arzuw edip, diplomlaryny hem-de nyşanlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Soňra uçurym talyplar öz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler — diýip, institutyň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy Oguljan Aýnazarowa gürrüň berdi.

Ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almaga ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ýazga geçiren Amanmyrat SÄHETMYRADOW,

Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.